Aşgabatda senagatçylaryň we telekeçileriň sergisi açyldy

  • 17.03.2023 11:34
  • 11k+

Şu gün, 17-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergi 23-nji marta çenli dowam eder.

Sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar. Geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär» - diýip belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň düýbüniň tutulandygyny belledi. Bu ýokary okuw mekdebi milli hünär bilimi ulgamynyň öňdebaryjy, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri bolar.
Sergä TSTB-niň agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşýar.

Serginiň iş wagty:

  • 17-nji martda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli;
  • 18-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 19-njy martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 20-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 21-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 22-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 23-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.

24.03.2026 16:33
7.3k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.3k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...