BSGG-niň ýolbaşçysy COVID-19 pandemiýasynyň 2023-nji ýylda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi

  • 16.03.2023 12:37
  • 10k+

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus 2023-nji ýylda COVID-19 pandemiýasynyň tamamlanjakdygyna we bu kesel bilen baglanyşykly halkara adatdan daşary ýagdaý režiminiň ýatyryljakdygyna ynam bildirýär. Bu barada ol saglygy goraýyş ulgamyna goşan goşandy üçin oňa Tomas Frensis medaly berlende aýtdy. Beýanyň teksti BSGG-niň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy diýip, TASS habar berýär.

“Men şu ýyl belli bir ýagdaýda COVID-19-yň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hem-de pandemiýa hökmünde tamamlanandygyny aýdyp biljekdigimize ynanýaryn” – diýip, Gebreýesus belledi.

Ol 11-nji martda BSGG-niň “global COVID-19 ýaýrawyny pandemiýa hökmünde häsiýetlendirip boljakdygyny ilkinji gezek yglan edeninden bäri dogry üç ýylyň dolandygyny ýatlap geçdi. Bu “dünýä KHBS-niň ünsüni çeken möhüm pursat boldy”. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, BSGG-niň nukdaýnazaryndan, alty hepde öň – 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda guramanyň koronawirus ýaýrawyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý diýip mälim etmegi has möhüm pursat boldy.

“Häzir biz, gürrüňsiz, pandemiýanyň islendik döwrüne garanyňda has gowy ýagdaýdadyrys” – diýip, baş müdir belledi. Ol “ilkinji gezek her hepdede hasaba alynýan ölüm sanynyň azalýandygyna” ünsi çekdi. Ol ýagdaýyň ep-esli gowulaşandygyny belledi.

Gebreýesus pandemiýanyň özleşdirmesi zerur bolan “sapaklarynyň” arasynda saglygy goraýyş ulgamyna, ylmy gözleglere we halkara hyzmatdaşlyga goýulýan maýa goýumlaryň ähmiýetini belläp geçdi.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......