Türkmenistanda nobatdaky harby çagyryş yglan edildi

  • 16.03.2023 08:38
  • 30k+

Türkmenistanda harby gulluga ýazky çagyryş möwsümi 2023-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda dowam eder. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji martda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlary 2023-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrylar.


düýn 17:00
3.5k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...

düýn 16:39
2.9k+

Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi...

düýn 13:14
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...

düýn 13:10
1.3k+

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy...