BMW azyndan ýene 10 ýyl benzinli hereketlendirijileri işläp taýýarlamagyny dowam eder

  • 13.03.2023 12:37
  • 14k+

BMW nemes awtoulag öndürijisi azyndan ýene 10 ýyl içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri öndürmegi meýilleşdirýär we krossowerlerde oturdyljak täze benzinli hereketlendirijilerini işläp taýýarlaýar.

Hususan-da, Handelsblatt gazetiniň çeşmeleri awtoulaglary hödürlemek baradaky ähli borçnamalara garamazdan, BMW X seriýaly krossowerleriň ýakyn on ýylda benzin we dizel hereketlendirijileri bilen öndüriljekdigini habar berýär. Munuň üçin 2027-nji ýyldan soňky döwürde awtoulaglar üçin platforma gutarnykly işlenen bolmaly, bu bolsa mümkin bolan ähli görnüşli priwodlar bilen awtoulag gurmaga mümkinçilik berer.
Täze benzinli hereketlendirijileri ABŞ-daky zawodda öndürilýän BMW X3 we X5 awtoulaglaryna oturtmak meýilleşdirilýär.
BMW-niň ýolbaşçysy Oliver Sipse ozal içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden wagtyndan has ir we oýlanyşyksyz ýüz öwürmezlik barada duýduryş beripdi we bu meselede dürli ýurtlaryň bazarlarynyň isleglerine üns berilmegini teklip edipdi diýip, Automobilwoche neşiri belleýär.


01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....