Mask Tehasda öz şäherini gurmagy meýilleşdirýär

  • 12.03.2023 13:04
  • 16k+

Space X-iň we Twitter-iň eýesi Ilon Mask Tehas ştatyndaky Bastrop okrugynyň Ostin şäheriniň golaýynda öz şäherini gurmagy meýilleşdirýär diýip, "Wall Street Journal" neşiri ýazýar. Muny Anadolu agentligi ýetirýär.

Şäheri Tehasda Space X we Boring kompaniýalarynyň desgalarynyň gurulýan sebitinde gurmak meýilleşdirilýär.
Maskyň pikirine görä, täze öýlerde kompaniýanyň işgärleri ýaşap, olar ýaşaýyş jaýyny gozgalmaýan emläk bazaryna garanyňda has arzan bahalar bilen kärendesine alyp bilerler.
Belläp geçsek, Tehasyň kanuny ilat nokadynyň ilatynyň sanynyň azyndan 201 adam bolmagyny göz öňünde tutýar. Diňe şeýle ýagdaýda sebite arza tabşyrylandan soň şäher statusy berlip bilner.
Mundan başga-da, bu proses okrugyň kazysy tarapyndan tassyklanmalydyr.
Bastrop okrugynyň çinowniginiň habarynda Maskdan hem, onuň eýeçilik edýän haýsydyr bir guramasyndan hem heniz hiç hili arzanyň gelmändigi aýdylýar.


düýn 23:16
1.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
5.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....