Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini HHR-iň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

  • 11.03.2023 13:07
  • 8.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

«Siziň parasatly baştutanlygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, halkara işlerde işjeň orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şu ýylyň ýanwar aýynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde bu gatnaşyklara täze itergi berildi» diýip, döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edip, HHR-iň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Hytaýyň dostlukly halkynyň bähbitlerine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
14-nji çagyryşyň halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň birinji sessiýasynyň wekilleri anna güni Si Szinpiniň HHR-iň başlygy wezipesine üçünji bäş ýyllyk möhlet bilen gaýtadan saýlanmagyna biragyzdan ses berdiler.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......