26, 30-njy martda we 2-nji aprelde Ýere güýçli magnit hadysasy aralaşar

  • 11.03.2023 12:10
  • 33k+

2023-nji ýylyň martynda we aprel aýynyň başynda magnit tupanlary bilen baglanyşykly ýagdaý öwerlik bolmaz. Bir aýyň dowamynda Ýere 7 bala çenli bolan güýçli geozarbalar birnäçe gezek hüjüm eder.

Ortaça magnitosfera aralaşýan geozarbalar aýyň dowamynda 2 baldan 6 we 7 bal aralygynda üýtgäp, howa duýgur adamlaryň ýagdaýyna we  ynjalygyna zyýan ýetirer. Olara mümkingadar ätiýaçly bolmak maslahat berilýär.
Mart aýynda howa duýgur adamlar güýçli geozarbalaryň tapgyryna taýyn bolmaly. Mart aýynyň ikinji ýarymynda, 15-den 20-ne çenli, 3-4 bal aralygynda birnäçe geozarba bolup biler. Olaryň iň güýçlüsi 15-nji martda bolar, şonda geozarbalaryň güýji 4 bala ýeter.
Şeýle hem, aýyň dowamynda iň güýçli tupan  24-nji martdan 26-njy mart aralygynda bolar. Ýere 3-7 bal aralygyndaky  geozarbalar bolar. 24-nji martda 3 bal güýji bolan geozarbalara garaşylýar, olar 25-26-njy martda degişlilikde 4 we 7 bal bolar. Mundan başga-da, 27-nji martda iň ýokary - 6 bal bolan magnit tupanyna garaşylýar.
Iň soňky aýgytlaýjy tupan 30-njy martdan 3-nji aprel aralygynda bolar. Bu wagt geozarbalar 4-5 bal aralygynda üýtgäp durar. Iň güýçli zarbaly günler 30-njy martda we 2-nji aprelde bolar - bu wagt hüjümiň güýji 5 bala deň bolar. Galan günlerde, ýagny 31-nji martda we 1-nji aprelde, şeýle hem 3-nji aprelde geozarbalaryň güýji 4 bala deň bolar.


düýn 23:14
4.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....