Katar koronawirus çäklendirmeleriniň hemmesini aýyrdy

  • 10.03.2023 11:17
  • 6.6k+

Çarşenbe güni Kataryň hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen, lukmançylyk edaralarynda gorag örtüklerini geýmekden gaýry, ähli çäklendirmeleri we çäreleri ýatyrdy. Bu barada hökümet aragatnaşyk gullugy tarapyndan Twitterde çap edilen beýanatda aýdylýar.

Resminamada: "Ministrler Geňeşi COVID-19 bilen baglanyşykly öň girizilen ähli çäklendirmeleri ýatyrmak kararyna geldi, ýurduň ähli raýatlarynyň, ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň lukmançylyk edaralarynda örtük geýmegi talap edilýär" diýilýär.

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda hökümet 21-nji maýda ýatyrylan, ähli ýapyk binalarda gorag örtüklerini geýmek talabyny täzeden girizipdi. Ozal örtük geýmek diňe saglyk öýlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda we hyzmat işgärleri üçin hökmanydy.


düýn 16:40
2.3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
8.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......