TikTok söwdada Facebook-y, Twitter-i we Instagram-y bile alanyňdakydanam has köp girdeji gazandy

  • 06.03.2023 19:54
  • 20k+

TikTok 2023-nji ýylyň başyndan bäri Facebook-a, Instagram-a, Twitter-e we Snapchat-a garanda goşundydaky göni satuwlarda 205 million dollar artyk gazandy.

Report-yň aýdyşyna görä, bu barada Forbes žurnaly habar berýär.
Apple korporasiýasy 2021-nji ýylda agzalan ulgamlar tarapyndan gurluşlarynda ýygnalýan maglumatlaryň mukdaryny çäklendirmek ukybyny girizenden soň,  görkezilen we beýleki şuňa meňzeş platformalaryň monetizasiýa modeli ep-esli üýtgedi diýip neşir belleýär. Netijede, maksatly mahabatyň netijeliligi peseldi, ondan girdeji azaldy we bu platformalar beýleki girdeji çeşmelerini gözlemeli boldular. Esasanam aýratyn hyzmatlardan, premium statuslaryndan we ulanyjylar üçin goşmaça aýratynlyklardan ybarat goşundynyň içindäki söwdany ösdürmek ýagdaýdan çykalga bolup hyzmat etdi.
Forbes, girdeji çeşmesi hökmünde göni satuwlara geçmegiň entek başlangyç tapgyrdadygyny, şol bir wagtyň özünde-de mahabat girdejilerinden birnäçe esse pesdigini nygtaýar. Mysal üçin, Meta tölegli barlamak bilen synag edip, şeýle guraly ýaňybir özleşdirmäge başlaýar, Twitter diňe geçen güýzde bu ugra ýüzlendi. TikTok öňdeligini düşündirýän bu ugry takmynan iki ýyl bäri ösdürýär. Forbesiň pikiriçe, TikTok tarapyndan ulanylýan monetizasiýa modelleri ýakyn ýyllarda bu pudak üçin esasy ösüş akymy bolup biler.


22.03.2026 21:15
6.7k+

Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, San-Fransiskonyň oturdaşlar kazyýeti telekeçi Ilon Masky Twitteri satyn almazdan öň maýadarlary ýalňyşdyrmakda günäkär saýdy we munuň üçin öwez tölegini tölemek barada höküm çykardy...

18.03.2026 21:49
2.7k+

xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir...

24.01.2026 15:31
3k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...