Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi 2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýanyň uniwersitetleri üçin dalaşgärleri kabul edýär

  • 05.03.2023 13:59
  • 30k+

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Russiýanyň uniwersitetlerinde medeniýet we sungat ugurlary boýunça bilim aljak dalaşgärleri seçip almaklygyň başlandygyny habar berdi. Bu barada bildiriş 4-nji martda "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde peýda boldy.

Seçip alynjak dalaşgärler 35 ýaşdan uly bolmadyk we orta bilimli Türkmenistanyň raýatlary bolup biler. Seçip alyşlyk bäsdeşlik esasynda giriş synaglarynyň netijelerine görä geçirilýär.
Resminamalaryň kabul edişligi 2023-nji ýylyň 13-nji martyna çenli Türkmen döwlet medeniýet institutynda dowam eder.
Gerekli resminamalaryň sanawyna aşakdakylar girýär:

 

  • -  Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenen görnüşdäki arza we sowalnama;
  • -  Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki sowalnamasy;
  • - orta bilim hakyndaky şahadatnama (asyl nusgasy) we rus diline terjime edilen, kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürmesi;
  • - rus diline terjime edilen saglyk kepilnamasy we onuň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürmesi;
  • - soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama (harby bölüm);
  • - 3x4 ululykdaky sekiz sany surat;
  • - işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
  • - orta hünär bilimi hakyndaky diplom goşmaçasy (bar bolsa) bilen birlikde  (asyl nusgasy) we onuň rus diline terjime edilen, kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürmesi ;

Mundan başga-da, resminamalary kabul ediş toparyna pasport, harby şahadatnama ýa-da hasaba alyş şahadatnamasyny görkezmeli.
Tabşyrylýan resminamalaryň hemmesi rus diline terjime edilen bolmaly.
Giriş synaglary Aşgabat şäheriniň  10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 114-nji jaýynda ýerleşýän Türkmen Döwlet Medeniýet institutynda geçýär. 


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......