Aşgabatda «Gül zemin» SDAM-da kitap ýarmarkasy geçiriler

  • 03.03.2023 12:13
  • 9.5k+

4-nji martda Aşgabatda «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda kitap ýarmarkasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirliginiň saýtynda habar berildi.

Kitap ýarmarkasy 17:00-19:00 aralygynda geçiriler.
Halkara Zenanlar güni mynasybetli guraljak bu ýarmarkada «Mahabat» müdirliginiň çagalar üçin çykarýan kitap önümleriniň görkezilmegine, Ýaşlyk teleýaýlymyň «Siziň üçin, körpeler!» gepleşiginiň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşyna garaşylýar.
Şeýle hem ýarmarkada dürli ýaşly çagalar üçin kitaplaryň satuwy guralar.
Kitap ýarmarkasyny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan guralýar.


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......