Saudi Aramco Geely we Renault bilen bilelikde ekohereketlendirijileri öndürer

  • 02.03.2023 13:17
  • 9.7k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco nebit kompaniýasy fransuz we hytaý awtoöndürijileri bolan Renault we Geely  kompaniýalary bilen ekologiýa taýdan arassa güýç gurluşlaryny we gibrid tehnologiýasyny ödürýän kärhanany döretmek  boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Degişli resminama penşebe güni kompaniýanyň  saýtynda çap edildi.

“Saudi Aramco-nyň meýilleşdirýän maýa goýumlary sintetiki ýangyçlary we wodorod tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdiriler” - diýlip bildirişde bellenilýär.

Täze kompaniýa ýylda 5 milliondan gowrak hereketlendirijini we transmissiýany, şol sanda gibridleri öndürýän 17 sany zawody we 5 ylmy-barlag merkezini özünde jemlär. Önümler 130 ýurda we  dürli sebitlere eksport ediler.
Maglumatlara görä, Renault we Geely kärhanada deň paýlara eýe bolarlar. Olaryň we Saudi Aramco-nyň  maýa goýumlarynyň möçberi barada maglumat ýok.


21.02.2026 19:07
4.2k+

Toyota Polşada awtomobilleri gaýtadan işleýän zawod gurar

Toyota Motor Europe Polşanyň Walbžih şäherinde ulaglary gaýtadan işlemek boýunça täze Circular Factory kärhanasyny döreder. Toplumyň meýdany 25 000 inedördül metr bolar, onuň ýyllyk kuwwaty bolsa ulanylyş möhleti tamamlanan 20 000 töweregi awtomobili gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer...

15.02.2026 10:24
9.8k+

ABŞ-da maşynlarda hiç kimiň halamaýan "Start-stop" ulgamyndan el çekdiler

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) 2009-njy ýylda Prezident Barak Obamanyň döwründe parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen kabul edilen karary ýatyrdy. CBS News neşiriniň habar bermegine görä, indi awtomobil öndürijileri ulaglarynda "start-stop" ulgamyny ulanandyklary üçin ekologik bonuslary we ýeňillikleri alyp bilmezler...

13.02.2026 11:45
2k+

Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar

The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...