Xiaomi Google bilen bilelikde awtoulaglary telefondan açyp-ýapýan sanly açaryň üstünde işleýär

  • 02.03.2023 10:32
  • 12k+

Xiaomi we Google hyzmatdaşlygynyň indiki tapgyryny yglan etdiler. Täze bilelikdäki taslama awtoulag eýelerine smartfon ulanyp awtoulaglaryny aňsatlyk bilen açmaga mümkinçilik berer. Bu habar Xiaomi 13 Lite, Xiaomi 13 we Xiaomi 13 Pro smartfonlary halkara bazaryna hödürlenenden soň edildi.

Tanyşdyryş dabarasy tamamlanan dessine, Xiaomi-iň baş direktory Leý Szýun Twitterde Xiaomi 13 smartfonynyň BMW awtoulaglary üçin sanly açar hökmünde ulanyljakdygyny habar berdi.
Google Wallet goşundysy bilen ulagy açyp, ýapyp we otlap bilersiňiz. Şeýle hem sanly açary dostuňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen paýlaşyp bilersiňiz.
Täze funksiýa 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginden ýaýradylyp başlanar.  Ýagny aprel-iýun aýlary töweregi.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....