ABŞ-da adam beýnisine esaslanýan biokompýuter işlenip düzülýär

  • 01.03.2023 22:29
  • 12k+

Amerikaly alymlar adam beýni öýjükleriniň üç ölçegli ösüntgilerine esaslanýan biokompýuterleri döretmegiň üstünde işleýärler. Olara beýni organoidleri diýilýär.

Pikiriň awtorlary, kremniý esasly kompýuterleriň sanlary dolandyrmakda, elbetde, has gowudygyny bellediler. Emma adam beýnisiniň özleşdiriş ukyby olaryňkydan has ýokarydyr, üstesine-de, oňa has az energiýa sarp edilýär.
Mysal üçin, 2017-nji ýylda dünýäniň iň gowy Go oýunçysyny ýeňen “AlphaGo” algoritmini herekete getirmek üçin işjeň uly adamy on ýyllap iýmitlendirmeklige garanda, has köp energiýa sarp edildi.
Şeýle hem beýniniň özboluşly ýat göwrümi bar, takmynan 2500 terabaýt.
Şol bir wagtyň özünde, gözlegçiler kremniniň kompýuter ýadynyň fiziki çäklerine ýakynlaşýarlar. Galyberse-de, kiçijik çipe diňe çäkli mukdarda tranzistorlary gaplap bolýar.
Emma adamyň beýnisiniň gurluşy düýbünden başga. Onda takmynan 100 milliard neýron bar, hersiniň beýleki beýni öýjükleri bilen müňden gowrak baglanyşygy bar. Bu häzirki kompýuterleriň deňleşip bilmejek ägirt uly potensialydyr.


şu gün 20:31
776

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.8k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......