Windows 11-iň täzelenmesine emeli aň esasynda Bing çat-boty goşuldy

  • 01.03.2023 18:30
  • 6k+

CNBC habar bermegine görä, Microsoft Windows 11-iň soňky täzelenmesinde Bing gözleg motory üçin emeli aň (EA) çat-botynyň bardygyny mälim etdi.

Täzelenen gözleg motorynda soraglara jogap bermek üçin emeli aňy işe girizýän düwme peýda boldy. Täze funksiýa henizem synag režiminde işleýär, ol operasion ulgamynyň takmynan bir million ulanyjysyna elýeter boldy.
2021-nji ýylda Windows-yň dünýä bazaryndaky paýynyň 82% -e ýetendigine garamazdan, Bing-iň meşhur däldigini we Microsoft-yň girdejisiniň diňe 9% -ini getirýändigini Teleýaýlym belleýär.
Korporasiýa Google bilen has işjeň bäsleşmek üçin gözleg motoryna bolan gyzyklanmany artdyrmak isleýär diýip, CNBC sözüni jemleýär.


23.02.2026 13:14
1.2k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...