Kan film festiwalynyň emin agzalaryna şwesiýaly režissýor Ruben Estlund ýolbaşçylyk eder

  • 01.03.2023 11:36
  • 4.9k+

Şwesiýaly režissýor Ruben Estlund 16-27-nji maýda Fransiýanyň Lazur kenarynda geçiriljek 76-njy Kan film festiwalynda emin agzalarynyň başlygy bolar. Bu barada sişenbe güni film synynyň guramaçylyk komiteti yglan etdi.

"Kwadrat" (The Square,2017)  we “Gynanç üçburçlygy” (Triangle of Sadness, 2022) filmleri üçin iki gezek “Altyn palma şahasyna” eýe bolan Estlund “watandaşymyz Ingrid Bergmandan 50 ýyl soň” emin agzalaryna ýolbaşçylyk eder diýip, guramaçylar belleýärler.  Şol bir wagtyň özünde, Estlund baýragy alandan soň indiki ýyl bu wezipä ilkinji bolup saýlanar diýilýär.
Şwesiýaly režissýoryň sözlerine görä, "kinematografyň jemgyýetçilik işine aýratyn üns berer".


22.03.2026 15:29
1.8k+

Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar

Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

02.06.2025 13:24
5.9k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.5k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...