Nissan konserni 2030-njy ýyla çenli 27 sany täze ulag hödürlär

  • 01.03.2023 10:07
  • 12k+

2030-njy ýyla çenli Ýaponiýanyň Nissan Motor Co. awtoulag konserni tarapyndan 27 sany täze awtoulag modeli, şol sanda 19 sany elektrik ulagy hödürlener. Kompaniýa 2024-nji ýylda elektrik ulaglary üçin iň bäsdeş gurşawy görkezýän Hytaý üçin ýörite elektrik awtoulagyny bazara çykarmagy meýilleşdirýär.

Ýaponiýanyň  awtoulag öndürijisi Nissan Ambition 2030 -yň uzak möhletleýin gözýetimini amala aşyrmagy maksat edinýär. Islegleri amala aşyrmak üçin Nissan 2026-njy ýyla çenli elektrik we gibrid ulaglary ösdürmek üçin takmynan 14,7 milliard dollar ýa-da 2 trillion ýen maýa goýar. Bu wagta çenli kompaniýa gibrid modelleri goşmak bilen elektrikli awtoulaglaryň paýyny Ýaponiýadaky satuwlarynyň 58 göterimine weÝewropadaky satuwlarynyň 98 göterimine çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Şol bir wagtyň özünde, Nissan-yň islegleri Ýaponiýa we Ýewropa bilen çäklenmeýär: 2030-njy ýyla çenli elektrik ulaglarynyň ýapon konserniniň dünýädäki satuwynda paýy 55 göterime ýetmeli diýip, RIA Nowosti habar berýär.


08.06.2026 16:02
2k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.2k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....