Geely hytaý kompaniýasy ekologiki awtoulaglaryň täze brendini işe girizdi

  • 28.02.2023 11:56
  • 13k+

Geely hytaý kompaniýasy orta we premial segmentli modeller bilen ekologiki awtoulaglaryň täze brendini işe girizdi. Bu barada Şanhaýyň “Isaý global” habarlar çeşmesi habar berdi diýip, bigasia.ru belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa 2025-nji ýyla çenli Geely Galaxy brendi bilen ýedi modeli bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Olardan üçüsi 2023-nji ýylda, üçüsi 2024-nji ýylda, ýene bir model bolsa 2025-nji ýylda hödürlener. Birinjisi şu ýylyň ikinji çärýeginde bazara çykmaly L7 modeli bolar. Bu brend bilen Geely hem gibrid hereketlendirijili, hem doly elektrik awtomobilleri öndürýär.
Çeşme täze brendiň döredilmeginiň Hytaýyň elektromobil bazarynda BYD we Changan kompaniýalary tarapyndan güýçli bäsdeşligiň bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Hytaýyň ýeňil awtomobilleriň assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Geely awtomobilleriniň bölekleýin satuwy boýunça Hytaýda BYD, Changan, Shanghai Volkswagen we FAW-Volkswagen kompaniýalaryndan yza galyp, bäşinji orna çykdy. Kompaniýanyň satuwynyň ösüş depgini bary-ýogy 1,8% boldy (mysal üçin, BYD-yň 149%-ine garşy).
Ekologiki awtoulaglar meselesinde Geely birneme öňde bolup, dördünji orny eýeleýär. Geçen ýyl şeýle ulaglardan 304,9 müňüsi satyldy, bu hem 2021-nji ýylyň görkezijilerinden 278% köpdür.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....