Lionel Messi FIFA tarapyndan 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 28.02.2023 07:26
  • 14k+

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messini 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçysy diýip saýlady. Bu barada TASS habar berýär.

Finalçylaryň üçlügine Messiniň klubdaşy fransiýaly Kilian Mbappe we Ispaniýanyň “Realynyň” fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema hem girdi. Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy we ýaryşyň iň gowy oýunçysy boldy. Argentinaly hüjümçi dünýä birinjiliginde sekiz gol saldy, Mbappe dokuz gol bilen ýaryşyň iň gowy bombardiri boldy.
Benzema 2022-nji ýylda “Real” bilen bilelikde Ispaniýanyň çempionatynda we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp, iki ýaryşyňam iň gowy bombardiri boldy.
FIFA tarapyndan iň gowy oýunçy üçin baýrak 2017-nji ýyldan bäri berilýär, Messi bu baýragy ikinji gezek aldy. Şeýle-de, portugaliýaly Kriştianu Ronaldu we polşaly Robert Lewandowskiý bu baýragyň iki gezek eýesi boldy, baýragy bir gezek horwatiýaly Luka Modriç aldy.
Zenanlar futbolynda ýylyň iň gowy oýunçysy yzygider ikinji gezek “Barselonada” çykyş edýän ispaniýaly Aleksiýa Putelýas boldy.


şu gün 10:53
3.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......