Parižde “César” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 26.02.2023 13:19
  • 16k+

Režissýor Dominik Mollyň «Syrly ölüm» trilleri (fransuz dilinde asyl ady – La Nuit du 12) Parižde “Iň gowy film nominasiýasynda “César” baýragyna eýe boldy. Fransiýanyň ýokary kinematografiki baýragynyň 48-nji gowşurylyş dabarasy Canal+ tarapyndan ýaýlyma berildi diýip, TASS habar berýär.

Moll režissýor hökmünde baýraga mynasyp boldy, onuň kartinasynda oýnan aktýor Buli Lanners bolsa ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin baýrak aldy.
Iň gowy aktrisa “Pariži ýene bir görsek” (Revoir Paris) filminde oýnan Wiržini Efira boldy. Erkek keşbi üçin baýrak “Pasifikşn: adalardaky jebir” (Pacifiction: Tourment sur les lles) filmindäki aktýorlyk işi üçin Benua Mažimele berildi.
Ikinji plandaky zenan keşbi üçin baýragy Lui Garreliň “Bigünä” (L’Innocent) filminde oýnan Noemi Merlan aldy. Garreliň filmi “Iň gowy original ssenariýa” nominasiýasynda-da ýeňiş gazandy.
Iň gowy doly metražly animasion film Mihaela Pawlatowanyň “Meniň owgan maşgalam” (Ma famille afgane) kartinasy boldy. Iň gowy wizual effektler üçin baýragy Žan-Žak Annonyň 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Parižiň Bogorodisa ybadathasynda bolan ýangyn barada gürrüň berýän “Notr-Dam ýanýar” (Notre-Dame brule) filmi aldy.
Daşary ýurt filmleriniň arasynda režissýor Rodrigo Sorogoýeniň “Ýyrtyjylar” (As bestas) ispan kartinasy ýeňiş gazandy. Abraýly “César” baýragyny “Söweşijiler kluby” we “Benjamin Battonyň syrly wakasy” filmleri bilen belli bolan Dewid Finçer aldy.
Fransiýanyň esasy kinematografiki baýragy bolan “César” 1976-njy ýyldan bäri Kinematografiki sungat we tehnika akademiýasy tarapyndan berilýär.


02.06.2025 13:24
5.5k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.2k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.2k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

17.03.2025 10:43
4.3k+

Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy. Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri...