2024-nji ýylda Toyota Camry bilen RAV4-iň täze nesilleri çykarylar

  • 26.02.2023 13:17
  • 34k+

Awstraliýanyň «Drive» saýty 2024-nji ýylyň dowamynda Toyota Camry we RAV4 nesil üýtgemelerini başdan geçirer diýip tassyklaýar. Neşiriň berýän maglumatyna görä, sedan krossowerden birneme ir peýda bolar, şol bir wagtda iki modeliň hem döwrebaplaşdyrylmagy beýlebir giň gerimli bolmaz.

Tehniki jikme-jiklikleri entek ýok bolsa-da, täze Camry-ni işläp taýýarlamaklygyň ýokary depginde alnyp barylýandygy habar berildi. Dört gapyly ulagyň kuzowynyň üýtgejegi  belli zat, ýöne ol häzirki nesle geçen TNGA-K modul platformasyny saklar. Muňa garamazdan, onuň ýaşaýyş sikli öňkülerinden has uzak bolup biler.
Motor gammasyna täzeden seredilmegine garaşylýar. Drive-yň bellemegine görä, 2022-nji ýylda Awstraliýada Camry-nyň satuwynyň 80,2% -i gibrid görnüşine degişli bolup durýar, şonuň üçin öndüriji ünsüni şolara  jemläp biler. Şol bir wagtyň özünde, diňe ýangyç bilen işleýän sedanlaryndan doly ýüz öwürmek bolmaz, sebäbi, mysal üçin, ABŞ-da  olar  satuwlaryň  85% -ini tutýar. Şonuň bilen birlikde, 3,5 litrlik  V6 atmosfernigi doly aýryp, (käbir ýurtlarda bu eýýäm şeýle edildi), deregine 2,4 litrlik "turbo dörtlügi" goýberip bolar.
Şol bir çeşmä salgylansaň, Amerikanyň täze Toyota RAV4 önümçiligine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda girişiler. Krossower hem TNGA-K arhitekturasyna wepaly bolup galar, ýöne enjamlaşdyrylyşy nukdaýnazaryndan gowulanyp biler, esasanam, has uly ekranlara eýe bolmagy mümkin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin bu modeliň diňe gibridleri galdyrylyp, 2,5 litrlik içinden ot alýan hereketlendirijili görnüşi  aýrylyp bilner - ÝB-den mysal alsaň, häzirki wagtda olar diňe benzin-elektrik ulgamlaryny  hödürleýärler. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......