Serdar Berdimuhamedow Bahreýnde Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen gepleşikleri geçirdi

  • 22.02.2023 19:27
  • 11k+

Şu gün, 22-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Bahreýn Patyşalygyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde irden Bahreýniň Patyşasynyň «Al Gudaýbiýýa» köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Ondan soňra ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri geçirildi
Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany we Bahreýniň Patyşasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek, syýasy-diplomatik ulgamda ysnyşykly hereket etmek, iki ýurduň tebigy hem-de geografik artykmaçlyklaryny nazara alyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maýa goýum, ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleler türkmen-bahreýn gepleşikleriniň esasyny düzdi.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......