Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawy uzaldyldy

  • 21.02.2023 23:59
  • 43k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzda diplomlary ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawynyň üstüni doldurdy. «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar edilmegiň tertibine» degişli üýtgeşmeler girizildi.

Sanawa Moskwanyň halkara derejesindäki «Uniwersitetiň üç missiýasy» we QS World University Rankings reýtinglerine giren ýokary okuw jaýlary goşuldy.
2022-nji ýylda «Uniwersitetiň üç missiýasy» sanawyna 103 ýurtdan 1800 uniwersitet girdi. Reýtingiň öňdelikçileriniň arasynda Garward, Massaçusets tehnologiýa instituty, Kembrij, Oksford we London uniwersitet kolleji bar.
QS World University Rankings — bu dünýädäki uniwersitetleriň işini seljermekde ýöriteleşen iňlis kompaniýasy Quacquarelli Symonds tarapyndan düzülen, uniwersitetleriň her ýyl täzelenýän reýtingi. QS reýtingi dünýäde uniwersitetleriň iň abraýly üç  reýtinginiň biri hasaplanýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......