Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna bardy

  • 21.02.2023 19:42
  • 30k+

21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al-Halifa hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Ertir, 22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad Bin Isa Al-Halifa bilen duşuşygy bolar. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-bahreýn gepleşikleri uzakmöhletleýinlige, özara bähbitlilige esaslanýan iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer.  
Resmi sapar wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabulhanasy «Four Seasons» myhmanhanasynda ýerleşer.
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabr aýynda ýola goýuldy.


şu gün 13:44
586

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......