Hytaý koronawirus pandemiýasyndan doly üstün çykylandygyny habar berdi

  • 21.02.2023 08:57
  • 13k+

Hytaý koronawirus pandemiýasyny üstünlikli ýeňip geçdi we indi bütin dünýä boýunça aragatnaşyklary gaýtadan dikeltmäge taýýar. Bu barada Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň müdiri Wan I Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary başlygy Žozep Borrel bilen duşuşygynda aýtdy. Bu barada Hytaýyň Daşary syýasat edarasynyň saýtyna salgylanyp, rbc.ru habar berýär.

“Hytaý pandemiýadan üstünlikli geçdi we Ýewropa hem-de dünýä bilen aragatnaşygyny gaýtadan dikeltmäge taýýar” – diýip, Wan I belledi. Beýanda taraplaryň söwdanyň pandemiýadan öňki derejä çalt gelmegine ýardam bermek üçin Hytaýyň we ÝB-niň liderleriniň dürli ugurlarda “ýokary derejeli gepleşik” mehanizmlerini ulanyp, täze duşuşyklaryna taýýarlyk görüp bilýändigi aýdylýar.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylyň dekabrynda Hytaýda koronawirus çäklendirmeleriniň gowşadylmagy netijesinde kesel hadysalarynyň sanynyň ep-esli ýokarlanmagy sebäpli koronawirus baradaky gündelik maglumatlary neşir etmek bes edildi.
2023-nji ýylyň başynda HHR-iň häkimiýetleri koronawirus üçin nol çydamlylyk syýasatyndan ýüz öwrüp, çäklendirmeleri kem-kemden gowşadyp başladylar.


16.11.2025 16:17
3.8k+

Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler

Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady...

10.11.2025 11:14
7.2k+

Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler

Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sun Ýatsen uniwersitetiniň oftalmologlary (göz lukmanlary) dünýäde ilkinji gezek 4200 kilometre golaý aradaşlykdan robot we 5G aragatnaşyk ulgamy arkaly subretinal sanjym operasiýasyny geçirdiler...

28.08.2025 06:44
8.3k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär...

29.07.2025 13:28
7.5k+

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler

14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler. Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady...