Türkmen aýdymçy-sazandalary Moskwada konsert berdiler

  • 17.02.2023 12:59
  • 45k+

Türkmen estradasynyň ýyldyzlary, meşhur sazandalar Moskwada konsert berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

«Vegas City Hall-yň» sahnasynda Azat Dönmezow aýdymlary bilen çykyş etdi. Sazandalar Serdar Haýdarow we Atajan Eýýubow milli saz gurallarda oýnadylar.
Russiýanyň paýtagtynyň muşdaklarynyň öňünde şeýle hem Kerim Ylýasowyň ýolbaşçylygynda meşhur «Güneş» ansambly çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, konserte tomaşa etmäge türkmen wekilleri, rus ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar bilen birlikde, GDA döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň agzalary hem geldiler.


Konsertde şeýle hem Russiýanyň meşhur ýyldyzlary çykyş etdiler.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......