Mask 2023-nji ýylyň aýagyna çenli Twitter-iň direktoryny bellejekdigini aýtdy

  • 17.02.2023 01:28
  • 8.9k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask 2023-nji ýylyň aýagyna çenli Twittere direktor bellemekçidigini aýtdy. Häzirki wagtda ol bu wezipäni özi  ýerine ýetirýär. Ol muny çarşenbe güni Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde wideoşekilli aragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

"Ilki bilen kompaniýany durnuklaşdyrmalydyrys. Onuň maliýe saglygyny üpjün etmeli. Munuň üçin meýilnamalar takyk düzüldi. Şonuň üçin muňa gatybir ynamym bolmasa-da, ýylyň aýagyna çenli bolar diýip pikir edýärin" - diýip, ol  degişli soraga jogabynda aýtdy.

27-nji oktýabrda amerikaly telekeçi Twitteri satyn almak üçin 44 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Satyn alan dessine-de, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň birnäçesini, şol sanda baş direktor Parag Agrawal bilen maliýe direktory Ned Segaly işinden boşatdy. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň maglumatlar bazasynda ýerleşdirilen resminamalardan görnüşi ýaly, Mask direktorlar geňeşini hem dargadyp, kompaniýanyň ýeke-täk başlygy boldy.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......