BSGG COVID-19-yň gelip çykyşy baradaky derňewini togtadýar

  • 16.02.2023 17:24
  • 27k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy maglumat toplamakdaky kynçylyklar sebäpli koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşy baradaky derňewi togtatmak kararyna geldi. Bu barada çarşenbe güni The Daily Telegraph gazeti guramanyň hünärmeni Mariýa wan Kerkhowa salgylanyp habar berdi.

"Bütin dünýädäki syýasy wakalar COVID-19-yň gelip çykyşyna düşünmekdäki ilerlemä päsgelçilik döretdi" - diýip, ol mälim etdi. 

Hünärmen koronawirusy öwrenmegiň ikinji tapgyryna garaşylmaýandygyny aýtdy.
BSGG-niň başlygy Tedros Adanom Gebreýesus 2021-nji ýylyň iýul aýynda guramanyň COVID-19-yň gelip çykyşyny öwrenmegiň ikinji tapgyryna taýýarlanýandygyny aýdypdy. Ol BSGG-niň HHR-iň ýolbaşçylaryndan aç-açanlyga garaşýandygyny belledi. Gebreýesusyň sözlerine görä, gözlegleriň birinji tapgyry pandemiýanyň başlangyjyndaky maglumatlara elýeterlilik ýaly birnäçe meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy.


07.03.2026 10:10
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

28.02.2026 14:08
4.1k+

Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär...

17.02.2026 05:42
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy

16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Henri P.Klýugeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hans Henri P...

17.02.2026 02:31
1.4k+

Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog açyldy

16-njy fewralda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guraldy...