Coca-Cola IV çärýekde arassa girdejisini 16% azaltdy

  • 16.02.2023 12:38
  • 8.5k+

Coca-Cola amerikan kompaniýasy dördünji çärýekde arassa girdejisini 16% azaltdy, ýöne girdejisini 7% ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, oktýabr – dekabr aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 2,414 mlrd dollar ýa-da paý üçin 56 sent bilen deňeşdirilende, 2,031 mlrd dollar ýa-da paý üçin 47 sent boldy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Girdeji bir ýyl ozalky 9,464 mlrd dollara garşy 10,125 mlrd dollara ýetdi. Organiki ösüş 15% boldy.
Coca-Cola-nyň Demirgazyk Amerikada girdejisi geçen çärýek 14%, Latyn Amerikasynda 25%, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 3% ýokarlandy, EMEA sebitinde 7% azaldy.
Natural aňlatmada satuw möçberi ýyllyk hasabynda 1% azaldy. Gazly içgileriň satuwy 4% ýokarlandy. Şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy 7% azaldy, suwlaryň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy 6% ýokarlandy.
2022-nji ýylyň jemi boýunça Coca-Cola-nyň arassa girdejisi 2% azalyp, bir ýyl ozalky 9,771 mlrd dollara garşy 9,542 mlrd dollar boldy. Girdeji 11% ýokarlanyp, 43,004 mlrd dollara ýetdi.
Ýylyň dowamynda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 0,5%, 257,8 mlrd dollara çenli azaldy.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......