Mejlisiň Başlygy Kubanyň Türkmenistandaky ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 16.02.2023 12:11
  • 5.9k+

15-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi.
Şeýle hem doly ygtyýarly wekil milli parlamentiň düzümi we amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler bilen baglylykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara derejede gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda parlament dostluk toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Şeýle hem BMG-niň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.
Diplomat söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda ylym, bilim, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz ýurdunyň örän uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ilerletmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......