Türkmenistanda Awstraliýanyň täze ilçisi işläp başlady

  • 16.02.2023 12:03
  • 4.5k+

15-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Greým Lesli Mihandan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri, şeýle hem milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek we raýatlaryň rowaçlygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy.
Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
129

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......