Ilon Maskyň Twitter-däki «nokatly» posty 36 mln gezek görüldi

  • 11.02.2023 15:09
  • 16k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň Twitter profilinde bir günüň içinde köp sanly reaksiýa toplan jedelli post neşir etdi. Telekeçi postunda 36 million gezek görlen ýönekeý nokady ýerleşdirdi. Mundan başga-da, ulanyjylar oňa, takmynan, 222 müň «Haladym» belligini hem goýdular.

Teswirlerde abonentleriň käbiri telekeçä jogap ýazyp hem başlady — jogap hökmünde başga dyngy belgileri ýa-da hatlary iberdiler. Başga birleri bolsa Maskyň habaryndan gizlin many tapmaga synanyşdylar.
Munuň öňüsyrasynda Mask sosial torda durmuşynyň iň kyn aýlaryndan zeýrendi. Millioner soňky döwürde iş sebäpli gaty az uklaýandygyny boýun aldy. The Wall Street Journal neşiri telekeçi Twitter Inc.-i satyn alany bäri onuň iş ýüküniň hepdede 120 sagada çenli, käte bolsa ondanam has artandygyny tassyklady.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
916

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...