Argentina, Çili, Urugwaý we Paragwaý 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny geçirmek isleýär

  • 09.02.2023 15:04
  • 9.9k+

Günorta Amerikanyň dört ýurdy 2030-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyny öz ýerinde geçirmäge isleg bildirýär. Günorta Amerikanyň futbol işgärleri muny dünýä çempionatynyň 100 ýyllygyna gabatlamak isleýärler.

Gürrüň Argentinanyň, Çiliniň, Urugwaýyň we Paragwaýyň bilelikdäki arzasy barada gidýär. Argentinanyň futbol federasiýasynyň prezidenti Klaudio Tapia köpçülikleýin tagallalar arkaly şeýle dünýä çempionatyny geçirmek isleýändigini aýtdy.

"Bu gün biziň dört ýurdumyzyň taryhy üçin diýseň möhüm gün. Biz Dünýä çempionatynyň 100 ýyllygyna gabatlap ýene-de ony özümizde geçirmegi arzuw edýäris — diýip, AFA-nyň metbugat gullugy onuň sözlerini getirýär —  Biz, günorta amerikalylar, hemmämiz futbolyň muşdagy we onuň bilen ýaşaýarys”.

"Munuň gaty uly borçdugyna düşünýäris we Argentinanyň, Çiliniň, Urugwaýyň we Paragwaýyň 2030-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi başarjakdygyny dünýä subut etmelidigimizi bilýäris".

Ozal Ispaniýanyň Portugaliýa bilen 2030-njy ýylda bitewi dünýä çempionatyny geçirmek isleginiň bardygy yglan edilipdi we Saud Arabystanynyň dünýä çempionatynyň ýer eýesi bolmak üçin Müsür we Gresiýa bilen birleşmek isleýändigi aýdylypdy .
Ilkinji dünýä çempionatynyň 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilendigini ýatladýarys.


düýn 16:49
4.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
6.8k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.2k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....