Raşid Meredow türk kärdeşine gynanç bildirdi. Ýer titremäniň pidalarynyň sany 3 müňe golaýlady

  • 07.02.2023 09:05
  • 73k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren güýçli ýer titreme zerarly Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogla gynanç hem medet beriji sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň wise-premýeri 6-njy fewralda türkiýeli kärdeşi bilen telefon arkaly gürleşdi.

R.Meredow gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny ýetirmegi haýyş etdi, şeýle hem şikes alanlaryň tiz wagtda gutulmagyny arzuw etdi.
Türkiýäniň günortasynda güýçli ýer titreme netijesinde aradan çykanlaryň sany 2921 adama ýetdi, bu barada Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň (AFAD) ýolbaşçysy Ýunus Sezar habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, 15 834 adam ýaralandy.
Türkiýäniň wise-prezidenti Fuad Oktaý umumylykda ýumrulan diwarlaryň astyndan 7 840 adamy diriligine çykarmagyň başardandygyny habar berdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň hormatyna Türkiýede ýedi günlük umumymilli matam yglan etdi.


17.06.2026 11:34
5.3k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......