Ilon Mask Teslanyň maýadarlarynyň gozgan kazyýet işi boýunça aklandy

  • 05.02.2023 18:35
  • 19k+

Kaliforniýa ştatynyň kazyýetiniň emin agzalary Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän Tesla kompaniýasynyň paýdarlary tarapyndan gozgalan kazyýet işinde onuň günäkär däldigini aýtdylar. Bu barada CNN anna güni habar berdi.

Kazyýet işiniň esasynda Maskyň Twitterde 2018-nji ýylyň awgust aýynda ýazan ýazgysy ýatýar we Teslanyň her bir paýyny satyn almak üçin 420 dollar göz öňünde tutýandygyny aýdýar. Arza berijileriň pikiriçe, Maskyň, ahyrda başa barmadyk, geleşik baradaky makalasy, ilkibada birden böküşe, soň bolsa kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň pese gaçmagyna , zyýan çekenleriň sözlerine görä, milliardlarça dollar ýitmegine sebäp boldy.
Arzaçylar telekeçiniň ýazan makalasy sebäpli dörän maliýe zyýany üçin Maskdan öweztölegini talap etdiler. Emin agzalary telekeçiniň maýadarlaryň maliýe ýitgilerine jogapkär däldigi baradaky pikir bilen ylalaşdylar we arzaçylaryň bu aýyplama babatynda düýpli subutnamalary bermändigini nygtadylar.  "Hudaýa şükür, halkyň paýhasy ýeňdi" - diýip, Mask Twitterde kazyýetiň kararyna teswir berdi.
Tesla 2003-nji ýylda Ilon Mask tarapyndan esaslandyryldy. Baş edarasy Tehas ştatynyň Ostin şäherinde ýerleşýär. Ilkibada kompaniýa diňe elektrik ulaglaryny öndürmãge ýöriteleşipdi, ýöne soňra gün panellerini we beýleki energiýa saklaýyş ulgamlaryny döretmäge başlady.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...