Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy

  • 05.02.2023 00:31
  • 25k+

4-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde N.Andalyp  we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly ulag köprüsiniň ýanyna, Bekrewe köçesiniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerine, Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine baryp gördi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çägine baryp gördi. Ol ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşugynda alnyp barylýan işleri synlady.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem-de K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2.1k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......