Ferrari 2022-nji ýylda rekord möçberde arassa girdeji aldy

  • 04.02.2023 23:52
  • 6.9k+

Italiýanyň sport awtomobillerini öndürijisi Ferrari NV 2022-nji ýylda arassa girdejisini 13% ýokarlandyrdy we girdejiniň 19% ösüşini hasaba aldy. Bu görkezijileriň ikisi-de kompaniýanyň taryhynda rekord derejeli boldy diýip, interfax.ru habar berýär.

Metbugat relizinde habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylda Ferrari 2021-nji ýyldaky 833 mln ýewro bilen deňeşdirilende 939 mln ýewro möçberinde arassa girdeji, 2021-nji ýyldaky 4,27 mlrd ýewro garşy 5,1 mlrd ýewro möçberinde girdeji aldy. Düzedilen EBITDA 16% ýokarlanyp, 1,77 mlrd ýewro boldy.
Oktýabr – dekabr aýlarynda awtoöndürijiniň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 214 mln ýewro garşy 221 mln ýewro boldy. Girdeji 17% ýokarlanyp, 1,37 mlrd ýewro ýetdi.
Dördünji çärýekde Ferrari 3 327 ulag satdy (ýyllyk aňlatmasynda 13% ösüş), bir ýylda üpjünçilik 13 221 awtoulaga barabar boldy (19% ösüş).
Ferrari-niň paýnamalarynyň bahasy anna güni Milanda geçirilen söwdada 2,4% peseldi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 20% ýokarlanyp, häzir 56,7 mlrd ýewro golaýdyr.


10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

02.08.2022 23:01
4.1k+

Ferrari II çärýekde arassa girdejisini we girdejisini ýokarlandyrdy

Italiýanyň sport awtomobillerini öndürijisi Ferrari NV 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 22%, girdejisini 25%, awtomobil satuwyny 29% ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi...

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......