Dubaýda rekord derejede 112 mln dollara penthaus satyldy

  • 04.02.2023 23:45
  • 20k+

Dubaýyň iň gymmat ýaşaýyş jaýlarynyň birindäki penthaus 112 mln dollara satyldy. “The National” gazetiniň ýazmagyna görä, bu emirlikleriň taryhynda gozgalmaýan emläk satuwy boýunça iň uly şertnamadyr diýip, TASS habar berýär.

Dokuz ýatylýan otagly we basseýnli penthausyň meýdany 3,5 müň inedördül metrden geçýär. Ol Jumeýra sebitindäki 28 gatdan ybarat Bulgari Lighthouse toplumynyň ýokarsynda ýerleşýär.
2022-nji ýylda Dubaýda ýaşaýyş jaýlary üçin nyrhlaryň ýokarlanandygy hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde lýuks gozgalmaýan emläklere bolan isleg artdy – her biriniň bahasy 10 mln dollardan gowrak bolan 219 öý satyldy.
Gozgalmaýan emläk pudagyna Dubaýyň ykdysadyýetiniň üçden biri düşýär. Hünärmenler 2023-nji ýylda BAE-de gozgalmaýan emläk obýektleriniň satuwy 2022-nji ýyldaky görkezijilerden ýokary bolar diýip hasaplaýarlar. Geçen ýyl ýurtda rekord derejede, takmynan, 56 mlrd dollara golaý bolan satuw amala aşyryldy, bu 2021-nji ýyla garanyňda 81% köpdür.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....