Ford 2022-nji ýyly arassa 2 mlrd dollar ýitgi bilen tamamlady

  • 05.02.2023 18:27
  • 5.9k+

Amerikan awtoulag ägirdi Ford Motor Co.n-yň baş kompaniýa degişli bolan arassa ýitgisi, öňküsi ýyl 17,937 milliard dollar girdeji gazanandan soň, geçen ýyl 1,981 milliard dollar boldy. Bu kompaniýanyň hasabatyndan görünýär diýip, Praým habar berýär.

Her paý üçin azaldylan ýitgi, 2021-nji ýylda 4.45 dollar girdeji bolanlygyndan, bu ýyl 0,49 dollar boldy. Ford-yň girdejisi 16 göterim ýokarlanyp, 158.057 milliard dollara ýetdi.
Awtoulag öndürijisiniň dördünji çärýekdäki arassa girdejisi bir ýyl öň 12,282 milliard dollar girdeji bolanlygyndan, 9,5 esse azaldy we 1,289 milliard dollara ýetdi. Her paýdan azaldylan girdeji bir ýyl ozal 3.03 dollar bolanlygyndan, 0,32 dollar boldy. Girdejiniň düzedilen görkezijisi 0.62 dollar diýip çaklanmagynyň tersine 0.51 dollara ýetdi. Bu üç aýyň girdejisi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 17% ýokarlanyp, 44 milliard dollara ýetdi.
Ýylyň we çärýegiň netijeleri, çykdajylaryň we önümçiligiň peselmegine sebäp bolan üpjünçilik zynjyrynyň we önümçiligiň durnuksyzlygy sebäpli, kompaniýanyň garaşyşyndan pes boldy diýip, hasabatda aýdylýar.
Esasy söwdalar ýapylandan soň kompaniýanyň paýnamalary 6,4% arzanlady.
Ford konserni 1903-nji ýylda bu işi ösdürmek üçin bäş maýadardan 28 000 dollar alyp, ony döreden Genri Ford tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa dünýäde ilkinji bolup nusgawy awtoulag ýygnamak liniýasyny ulanmaga başlady. Kompaniýanyň dünýä boýunça işgärleriniň sany  takmynan 173 müň adam.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......

05.03.2026 23:43
2.6k+

Lego rowaýata öwrülen Ford Model T konstruktoryny çykardy

Lego kompaniýasy awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik döwrüniň öňbaşçysy hasaplanýan Ford Model T-e bagyşlanan täze toplumyny çykaryp, Lego Icons seriýasyny giňeltdi. Toplumyň bahasy 129,99 dollar. Deňeşdirmek üçin: 1920-nji ýyllarda hakyky Model T-niň bahasy 250-den 290 dollara çenli bolupdyr...

04.02.2026 12:43
7.7k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...