Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby adyň nyşany gowşuryldy

  • 03.02.2023 23:06
  • 30k+

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby at dakyldy. Şu gün bolsa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby adyň nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowy goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....