«Türkmenhowaýollary» sargyt eden Airbus ýük uçarlarynyň ilkinjisini aldy

  • 03.02.2023 12:09
  • 24k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Airbus S.A.S fransuz kompaniýasyndan sargyt eden A330-200P2F ýük howa gämisini aldy.

Orient agentliginiň habar bermegine görä, «Türkmenhowaýollary» «2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanda raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýokarda agzalan modeldäki iki sany uçary satyn almak hakynda şertnama baglaşypdy.
Rolls-Royce Trent 700 hereketlendirijileri oturdylan bu görnüşdäki howa gämileri 60 tonna çenli ýük göterijilik ukybyna eýe bolup, 7400 km uzaklyga uçmaga niýetlenendir.


düýn 17:29
6.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......