Awstraliýa kagyz pullarda Ýelizaweta II-ni patyşa Karl III bilen çalyşmazlyk kararyna geldi

  • 03.02.2023 11:58
  • 11k+

2022-nji ýylda aradan çykan Ýelizaweta II-niň portreti Awstraliýanyň 5 dollarlyk banknotlaryndan ýiter we Britaniýanyň tagty bilen birlikde Awstraliýanyň patyşasy titulyny miras alan ogly Karl III-niň keşbi bilen çalşylmaz. Banknotda monarhyň portretiniň deregine Awstraliýanyň ýerli ilatynyň medeniýetini we taryhyny şöhlelendirýän şekil peýda bolar diýip, Awstraliýanyň Ätiýaçlyk bankynyň habarynda aýdylýar. Muny rbc.ru ýetirýär.

Bäş dollarlyk kagyz pul Ýelizaweta II-niň portretini göterýän iň soňky Awstraliýa banknotydyr. Onuň keşbi ýurduň pullarynda heniz 1953-nji ýylda, ýagny Awstraliýada heniz dollar däl-de, funtlaryň bar wagty ýerleşdirilip başlandy. 1960-njy ýyllaryň ortalarynda şa aýalynyň portreti Awstraliýanyň ilkinji dollar kagyz pulunda, 1990-njy ýyllaryň başlarynda bolsa täze, ýurduň taryhyndaky ilkinji 5 dollarlyk plastik banknotda peýda boldy. 2016-njy ýylda “bäşlik” dizaýnyny üýtgetdi, ýöne şa aýalynyň portreti saklanyp galdy.
Awstraliýanyň Ätiýaçlyk bankynyň habarynda täze bäş dollarlyk banknotlaryň dizaýnyny işläp düzmek üçin birnäçe ýyl gerek boljakdygy we bu döwürde häzirki nusgadaky kagyz pullaryň dolanyşyga çykmagy dowam etjekdigi bellenilýär. Hatda täze “bäşlik” çykansoň hem ol kanuny töleg serişdesi bolup galar.


08.06.2026 10:16
7.6k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

22.04.2026 17:08
7.5k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.5k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......