«Ýaşyl guýrukly ýyldyz» Ýere iň golaý aralykdan geçip gitdi

  • 03.02.2023 16:18
  • 25k+

Internetde 1-nji fewralda planetamyza aňrybaş golaý aralykdan uçup geçen, ýakynda üsti açylan kometanyň suratlary we taýmplansy (haýalladylyp düşürilen hereketi) peýda boldy.

Irkutsk Planetariýa we sebit astronomiýasy jemgyýetiniň sosial torunyň sahypalarynda C/2022 E3 (ZTF) kometasynyň täsin suratlary çap edildi. Bu suratlar astronomiýany höwesjeň öwreniji Ýuliýa Şewsowa tarapyndan alyndy.
Ýuliýa tarapyndan surata düşürilen asman jisimini geçen ýylyň 2-nji martynda Kaliforniýadaky obserwatoriýanyň hünärmenleri açdylar. Şol wagt kometa Günden 640 million kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Geçen aý, 12-nji ýanwarda ol Günden 110 million kilometr uzaklykda ýerleşýän ulgamymyzyň ýyldyzyna iň ýakyn orbitanyň nokadyndan geçdi. Häzirki wagtda C/2022 E3 Ýerden bary-ýogy 42 million kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Astronomlar, aýaz we howada "göwher tozany" diýilýäniniň bolmagy sebäpli, ýanwar aýynda Aždarha, Kiçi Ýedigen we Žiraf ýyldyzlar toplumy boýunça hereket eden älem obýektini doly synlap bolmady diýip ynandyrýarlar. Emma aýyň ahyrynda bulutlaryň arasyndan "penjire" açmagy başardyk.

— Şäheriň daşyna çykyp, asmanda dürbiniň kömegi bilen kometany aňsatjak tapdym - şol pursat ol Kiçi Ýedigeniň susagy ýyldyzlarynyň sag tarapyndady. Diňe bir surata almak bilen çäklenmän, haýalladylan hereketini hem düşürip boldy" - diýdi.

Irkutsk Planetariýasynyň müdiri Pawel Nikiforow: "Kometany optiki guralsyz görmek isleýänleriň keýpini bozmaly bolar: yşyklandyrylan şäher asmanynda ony görmek mümkin däl - diýip, takyklaýar. - Şäheriň daşyndaky asman hem ondan enaýy däl: barha ýagtylýan Aý synlamaga päsgel berýär we Aý dolup gelýän bolsa, kometany görmek hasam kyn bolýar.
Uly Nowosibirsk Planetariýasynyň işgärleri kometanyň 1-nji fewralda aňrybaş ýagty derejä ýetjekdigini habar berdiler. Şeýle hem indiki gezek bu obýektiň Ýere ýene 50 müň ýyldan şeýle ýakyn aralykda boljakdygy habar berildi.

şu gün 16:56
557

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
912

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....