Samsung Galaxy S23 smartfonlary we Galaxy noutbuklary tanyşdyryldy

  • 02.02.2023 16:54
  • 22k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda Galaxy S23 smartfonlarynyň täze hataryny hem-de Galaxy Book 3 noutbuklaryny hödürledi. Bu barada rbc.ru habar berýär.

Smartfonlar hatarynyň iň kiçi modeli 1080 piksel durulykda 6,1 dýuým displeýe eýe boldy. S23+ smartfonynyň ekrany şol bir aýratynlyklar bilen 6,6 dýuýma, uly model S23 Ultra-nyň bolsa ekrany 6,8 dýuýma, durulygy 1440 piksele barabar.
Galaxy S23 10 Mp frontal kamera we üç modully esasy kamera eýe boldy: 50 Mp esasy kamera, 12 Mp ýokary giň burçly kamera we 10 Mp bolan üçünji kamera.
Bu hataryň esasy täzeligi 200 Mp ýokary durulykly sensor bolup, ony S23 Ultra modeli aldy. 2022-nji ýylyň fewral aýynda Samsung 108 Mp sensory bilen öňki Ultra modelini görkezipdi. Bu sensorlaryň durulygy näçe ýokary bolsa, olar ýagtylygy şonça-da köp alýarlar, bu bolsa gurluşyň has ýagty we jikme-jik surata alýandygyny aňladýar.
S23 Ultra 5000 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy. Toplumda onuň ýanynda S Pen stilusy bar. Täze smartfonlaryň üçüsinde-de Qualcomm amerikan kompaniýasyndan şol bir Snapdragon 8 Gen 2 flagman prosessory gurnalan. Şeýle-de bolsa, käbir ýurtlarda modeller Exynos çibi bilen hem elýeterli bolar. Kiçi modeliň akkumulýatorynyň sygymy 3900 mA/sag, S23+ modeliniň akkumulýatorynyňky bolsa 4700 mA/sag barabar.
Smartfonlaryň deslapky sargytlary 1-nji fewralda, satuwlar 17-nji fewraldan başlaýar. Galaxy S23 799 dollar, Galaxy S23+ 999 dollar, Galaxy S23 Ultra 1199 dollar bilen bahalandyrylýar.

Smartfonlardan başga-da, Samsung kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasynda üç modelden ybarat bolan noutbuklaryň täze hataryny hödürledi: Galaxy Book 3 Pro, Book 3 Pro 360 we Book 3 Ultra. Bu noutbuklaryň esasy aýratynlygy noutbugy planşete öwrüp, sensor ekrany ulanyp bolýandygyndadyr. Modeller Samsung-dan stilusy göterýärler.
Kompaniýanyň wekiliniň habar berşi ýaly, Book 3 Ultra yglan edilen hatarda “iň ýokary derejeli” modeldir. Ol 1800 piksel durulykda 16 dýuýmlyk OLED displeýi, Intel i9-13900H prosessory, Nvidia kompaniýasyndan RTX 4070 aýratyn grafiki prosessor, 32 Gb operatiw ýat, 1 Tb saklaýjy bilen üpjün edildi. Şol bir wagtyň özünde sensor ekran gönüden-göni panele gurnalan sensor datçikleri sebäpli adatdakysyndan has inçe we ýeňildir. Gurluş Samsung S Pen bilen hem gabat geler. Galaxy Book 3 Pro 360 noutbugyny 1800 piksel durulykda 16 dýuýmlyk OLED displeýi, Intel i5-1340P ýa-da i7-1360 prosessory, Intel grafikasy, 16 Gb operatiw ýat we 1 Tb çenli saklaýjy göwrümi bilen satyn almak bolýar, ol stilusy hem göterýär. Galaxy Book 3 Pro 14 dýuýmly ekran bilen elýeterli bolar.
Noutbuklaryň deslapky sargytlary 1-nji fewralda başlar. Modelleri 17-nji fewraldan satyn almak bolar. Galaxy Book 3 Pro modeliniň bahasy 1249 dollardan, Galaxy Book 3 Pro 360 – 1399 dollardan, Galaxy Book 3 Ultra – 2899 dollardan başlaýar.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......