Australian Open gatnaşyjylygy boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň rekordyny täzeledi

  • 01.02.2023 11:53
  • 5.7k+

2023-nji ýylda tennis boýunça Awstraliýanyň Açyk çempionaty tomaşaçylaryň gatnaşygy boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň rekordyny täzeledi. Bu barada ýaryşlaryň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Esasy ýaryşyň iki hepdesiniň dowamynda oňa 839 müň 192 janköýer bardy. Öňki rekord (812 müň 174 tomaşaçy) 2020-nji ýylda goýlupdy. Ýene 63 müň 120 janköýer ýaryşa kwalifikasiýa hepdesiniň dowamynda bardy, netijede üç hepdede ýaryşa baran tomaşaçylaryň umumy sany 902 müň 312 adama ýetdi. Tomaşaçylaryň gatnaşygy boýunça ikinji “Uly tuwulga” ýaryşynyň – ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň rekordy 2022-nji ýylda goýlup, 776 müň 120 janköýere barabardyr.
Australian Open – 2023-iň ýeňijileri aýallaryň arasynda belarusly Arina Sobolenko we erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç boldy.


16.07.2025 18:17
10k+

Jeýk Pol iň uly şüweleňiň guramaçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi...

14.07.2025 07:36
2.5k+

Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ispaniýaly Karlos Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek “Uimbldon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk dünýäniň birinji raketkasynyň peýdasyna 4:6, 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy...

13.07.2025 11:55
5.6k+

6:0, 6:0 – “Uimbldonda” zenanlaryň finaly 1911-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gury ýeňliş bilen tamamlandy

Polşaly tennisçi Iga Swýontek “Uimbldonyň” zenanlaryň arasyndaky finalynyň taryhynda iň uly ýeňişleriň birini gazandy. Dünýäniň dördünji raketkasy ýaryşda amerikaly Amanda Anisimowany (№ 12 WTA) 6:0, 6:0 hasabynda utdy...

13.07.2025 11:51
3.5k+

Britaniýalylar 89 ýyldan soň ilkinji gezek “Uimbldonda” erkekleriň jübüt ýaryşynda ýeňiji boldy

Julian Keş we Lloýd Glasspul iki türgenden ybarat toparlaryň arasynda geçirilen “Uimbldonyň” çempionlary bolup, bu kategoriýada Beýik Britaniýa 1936-njy ýyldan bäri ilkinji ýeňşi getirdi. Finalda olar awstraliýaly Rinki Hidzikata bilen gollandly Dawid Peli utdy – 6:2, 7:6 (7:3)...