«Galkynyş» Monte-Karlodaky sirk sungaty halkara festiwalynda çykyş eder

  • 01.02.2023 10:29
  • 11k+

«Galkynyş» at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçiriljek 47-nji Sirk sungaty Halkara festiwalyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk aldy. Iň abraýly sirk şüweleňleriniň biri bolan bu festiwal 2025-nji ýylyň ýanwarynda Monakoda geçiriler.

Ýakynda festiwalyň prezidenti Urs Pilz bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumynyň at üstündäki milli oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew bilen Türkmen Döwlet sirkiniň direktory Serdar Gurbangulyýew türkmen jigitleriniň Monte-Karlo saparyny guramaga taýýarlygyny tassykladylar.
Festiwalyň prezidenti türkmen artistlerini at üstünde oýunlary görkezmekde iň gowularyň biri diýip atlandyrdy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......