Maýkl Jordanyň brendi Nike kompaniýasyna bäş ýylda 19 milliard dollar getirdi

  • 31.01.2023 16:16
  • 10k+

Basketbolçy Maýkl Jordanyň Nike kompaniýasyna degişli Jordan brendi bäş ýylda 19 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada  Hypebeast ýazýar.

Maýkl Jordan Nike bilen baglaşan şertnamasyndan diňe 5%-ini alýar. Jordan brendi moda pudagynda iň üstünlikli aýakgap we egin-eşik brendleriniň biridir. Nike «Air Jordan 1-iň» dört ýylda diňe 3 million dollar girdeji getirer diýip çaklapdy. Hakykatda bolsa krossowkalar ýylda 130 million dollar töweregi girdeji getirdi.
The Sports Rush-yň habaryna görä, Jordan brendi indi bäş sagatda takmynan 3 million dollarlyk haryt satýar.
Maýkl Jordan bu brendi 1984-nji ýylda Nike-yň ýolbaşçylary bilen duşuşandan soň öz ady bilen döretmäge razy boldy. Jordan ilkibada Nike bilen işleşmäge meýilli däldi, sebäbi şol wagt oňa adidas hemaýatkärlik edýärdi.
NBA-nyň başga bir oýunçysy Lebron Jeýms hem Jordanyň yzyna eýerdi. Häzir onuň Nike bilen baglaşan şertnamasynyň gymmaty 1 milliard dollardan geçýär.


02.02.2026 10:53
2.6k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
2.9k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.4k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...