Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi

  • 30.01.2023 16:56
  • 14k+

Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.

Wolodiniň çykyşynda bellemegine görä, parlamentleriň özara gatnaşyklaryny ugurdaş komitetleriň derejesinde ösdürmek zerur.

«Bu günki gün Russiýa bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklary deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, strategiki häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek — biziň ileri tutýan ugurlarymyzyň biri» - diýip, Wolodin belledi.

Döwlet Dumasynyň Başlygy geçen ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň 20 ýyllygynyň bellenendigini ýatlatdy. Geçen döwürde uly sepgitlere ýetildi, syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda düýpli tejribe toplanyldy diýip, Wolodin belledi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......