Lexus infragyzyl şöhlelendirijiler bilen klimata gözegçilik ulgamynyň üstüni ýetirer

  • 28.01.2023 08:24
  • 22k+

Lexus kompaniýasy awtomobiliň klimata gözegçilik ulgamy üçin täze kämilleşdirişi teklip etdi. Onuň düzümine diňe bir ýyladyş prosesini täsirli etmän, eýsem energiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýän infragyzyl şöhlelendirijiler girer. Energiýanyň tygşytlanmagy Lexus-da aýratyn möhüm hasaplanýar, sebäbi täze ulgam RZ elektrokrossoweri üçin işlenip düzülendir.

Lexus-da infragyzyl şöhlelenmeden emele gelýän ýylylygyň täsiri aýaga ýapylan ýyly ýorgan bilen deňeşdirildi. Ýyladyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň dyzlarynyň derejesinde ýerleşdirilen iki panel bilen amala aşyrylar. Eger has yssy bolsa, olaryň hersine diňe panele el degirmek ýeterlik bolar, şonda ýyladyş temperaturasy peseler. Infragyzyl şöhlelendirijiler adaty gyzdyryjylardan tapawutlylykda diňe görünýän zolakdaky gaty üstleri gyzdyrar.
Şeýle ulgamyň ulanylmagy, adatça, sowuk howada elektrokaryň salonyny gyzdyrmak üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň 8%-ini tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde Lexus-da adaty klimata gözegçilik ulgamyndan ýüz öwürmek göz öňünde tutulmaýar: üýtgeşme parallel ulanylar we ýyladyş üçin zerur wagty azaltmaga gönükdiriler.
Kompaniýa şu ýylyň ortalaryndan RZ elektrokrossoweri satyn alyjylara kämilleşdirilen klimata gözegçilik ulgamyny hödürlemegi, ýöne häzirlikçe diňe saýlama bazarlarda hödürlemegi göz öňünde tutýar.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....