Magtymguly adyndaky TDU-da Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

  • 27.01.2023 08:53
  • 16k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütlere bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Uniwersitetiň saýtynda habar berlişi ýaly, maslahat «Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy» ady bilen geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikde geçirilen mejlisinde «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip yglan edilmegi, 2023-nji ýylyň ilkinji günleri Türkmenistanda kanunçylyk özgertmeleriniň täze tapgyry bilen başlanandygy, ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň ýokary edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada bellediler.
Maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda bilim, saglygy goraýyş, sport we ylym pudaklarynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi guraldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......